ÝÜZ DERDIŇ DERMANY


Ýaşlara ynam - geljege ynam

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy- ýakynda öz okyjylary bilen «Ýüz derdiň dermany» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik ylmy işinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleri, olaryň ähmiýeti, ulanylyş aýratynlyklary barada gürrüňdeşlik geçirildi. Şeýle-de hünärmenlerimiz ýaşajyk okyjylara ilki bilen ene-mamalarymyzyň millilik derejesine ýetiren, derdi-belalardan, kesellerden goranmak üçin ulanan ýüzärlik ösümliginiň keselleriň öňüni almakdaky peýdalary barada bilesigeliji okyjylara täsirli gürrüňler berdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.