“Ak şäherim Aşgabat”


“Ak şäherim Aşgabat”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Täze Zaman Medeniýet merkezinde Gahryman Arkadagymyzyň “Ak şäherim Aşgabat” atly kitabyndan söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ata Watanymyzy gülletmekde, ýurdumyzda amatly ýaşaýyş – durmuş şertlerini döretmekde ägirt uly işleriň alnyp barylýandygy, “Merkezi Aziýanyň merjeni” diýen belent ada mynasyp bolan paýtagtymyz Aşgabadyň ýylyň – ýylyna täze, ajaýyp binalar bilen baýlaşýandygy, şol binalaryň iň köp şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilendigi, her ýylyň 25-nji maýyny “Aşgabat şäheriniň güni” diýlip yglan edilmegi, gözel paýtagtymyz Aşgabady şeýle hem ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek ugrunda döwletli işleriň durmuşa geçirilýändigi we guwandyryjy beýik ösüşlere ýetilýändigi barada çykyş etdiler. Söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyny elmydama ajaýyp kitaplary, eserleri bilen begendirip durýandygy, şolaryň biri-de Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli halkyna sowgat beren “Ak şäherim Aşgabat” atly täze kitaby, onuň bölümleri, onda ýerleşdirilen binalar, desgalar we kitabyň ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana işgärleriniň gurnan sergisi ähli çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.
Çäräniň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp eserleriniň höwrüniň köp bolmagyny, Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleriniň elmydama rowaç almagyny arzuw etdiler.