Milli Liderimiz! Ýoluňyz aýdyň!


Milli Liderimiz! Ýoluňyz aýdyň!



Türkmenistanyň B. Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Kärdeşler Arkalaşygynyň milli merkeziniň Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Milli Liderimiz! Ýoluňyz aýdyň!” atly söhbetdeşligini geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphanamyzyň hünärmeni günsaýyn gülläp ösýän “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda alnyp barylýan uly işler barada gürrüň bermek bilen bir hatarda Milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän kitaplary barada hem giňişleýin gürrüň berdi. Kitaphana hünärmeni şol ýerde dynç alýan çagalar bilen sorag-jogap alşyp, Mähriban Arkadagymyzyň kitaplary arkaly ýaş nesli watansöýüjilik, agzybirlik, zähmetsöýerlik, adalatlylyk, ynsanperwerlik, gurmak we döretmek ýaly mizemez ruhy-ahlak ýörelgeleri esasynda terbiýelemäge giň mümkinçilikleri açyp berýär diýip gürrüň berdi. Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Arkadagyň kitaplary-köňülleriň kelamy” atly gurnalan göçme kitap sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.