Kitap-ruhy hazyna


Kitap-ruhy hazyna



Çagalara kitap okap bermek ulularyň geljek hem-de jemgyýet üçin edip biljek iň uly ýagşylygydyr.
Karl Sagan.

* * *
Kitap okamak çagalara parz ýa-da hökman edilmeli iş hökmünde buýrulmaly däl-de, elýetmez sowgat hökmünde hödür edilmelidir.
Keýt Di Kamillo.

* * *
Okap öwrenmek ot ýakmakdyr, okalan her bogun bolsa uçgundyr.
Wiktor Gýugo.

* * *
Okamagy öwrenen adam täzeden doglan ýalydyr, asla gaýdyp ýeke bolmaz.
Rummer Godden.

* * *
Kitap «wagt» atly äpet deňizdaki maýakdyr.
E.P.Wipl.

* * *
Kitap okamaýan adamyň kitap okap bilmeýän adamdan tapawudy ýokdur.
Mark Twen.

* * *
Okamagy söýýän adam islan zadyna ýetip biler.
Uilýam Godwin.