Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby esasynda


Hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby esasynda



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy 11-nji orta mekdepde hormatly Prezidentimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitaby esasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaby ylym-bilimiň, sagdyn durmuş ýörelgeleriň, durmuşyň gönezligi, zeminiň abatlygy, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary şol sanda halkymyzyň türkmençilik ýörelgelerinde umumadamzat gymmatlyklarynyň asylly nusgalarynyň jemi bolup onda halkymyzyň gadymyýetden gelýän däp-dessurlary, milli ýörelgeleri bilen baglanşykly rowaýatlaryň, tymsallaryň, parasatly oý-pikirleriniň giňişleýin beýan edilýändigi barada gürrüň berdiler.
Şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň Koreý diline terjime edilmegi iki dostlukly halklaryň özara gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny, dostlukly taglymatlary we ahlak ýörelgeleri bilen ýakyndan tanyşmaga, özboluşly däp-dessurlaryny has-da aýdyň düşünmäge mümkinçilik berjekdigi barada buýsançly çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda türkmen halkyny ösüşlerden-ösüşlere alyp barýan Milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt ähmiýetli beýik işleri rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.