“Siz bilen Bagtyýar ýaşlar Arkadagly Serdarymyz”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Mollanepes adyndaky kitaphanalar şahamçasy bilen 38-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda “Siz bilen Bagtyýar ýaşlar Arkadagly Serdarymyz” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Kalby joşgundan, ýüregi buýsançdan doly, agzybir halkymyz “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Şanly ýylymyzyň ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly şygara beslenmegi ähli halkymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi.
Çärede çykyş edenler ýaş nesilleriň arzuw umytlaryny uly üstünliklere besleýän Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlaryň aýdyň geljegi ugrunda durmuşa geçirilýän beýik işleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe olaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrýanlygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda halkyna şeýle ajaýyp zamanany peşgeş beren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.