“Durmuşyň gülleri , döwrüň buýsanjy”


“Durmuşyň gülleri , döwrüň buýsanjy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Kerim Gurbannepesow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Baş bilim müdirliginiň 97- nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli “Durmuşyň gülleri, döwrüň buýsanjy” ady bilen çagalar baýramçylygy geçirildi.

Çärede bagtyýar çagalygyň mekany bolan eziz Watanymyzda geljegimiz bolan ýaş nesilleriň döwrebap terbiýe, bilim almaklary, wagtlaryny gyzykly, şadyýan geçirmekleri, oňat dynç almaklary üçin döwletimiz tarapyndan ägirt uly işleriň geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler.

Şeýle hem çagalar bilen türkmen halk ertekileri, tapmaçalar esasynda sowal- jogap bäsleşigi geçirildi. Çäräniň geçirilýän ýerinde çagalar edebiýaty we türkmen we daşary ýurt ýazyjy-şahyrlarynyň ertekileri esasynda gurnalan kitap sergi körpelerde has-da uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda çagalaryň isleg- arzuwlarynyň hasyl bolmagy ugrunda ägirt uly işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.