Magtymguly Pyragynyň älem giňişligine döredijilik nazary


Magtymguly Pyragynyň älem giňişligine döredijilik nazary

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň älem giňişligine döredijilik nazary» atly okuw sapagy geçirildi.

Okuw sapakda Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň obserwatoriýa otagynda Astranomiýa hünärini ele alýan talyp ýaşlar bilen bilelikde, Alym Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gurduryp ulanmaga beren sanly tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan bolan teleskop enjamynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanyp hem-de älem giňişligine aralaşmaga çalyşýarys. Şeýle hem, talyp ýaşlar nazaryýetde alan bilimlerini amalyýetde özleşdirmek üçin älem giňişligine gözegçilik etmegiň esasy usullary Astrofiziki gurallar barada galaktikamyz, gün sistemasy, ýyldyzlar, planetalar we gyzykly maglumatlary, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda älem giňişligini öwrenendigi, olar barada gyzyklanandygyny käbir goşgy setirlerini okanyňda hem görmek bolýandygy barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdiler.

Çäräniň dowamynda talyp ýaşlar dana şahyrymyzyň asman jisimleri barada ýazan ajaýyp şygyrlaryny aýdyp berdiler.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.