“Garaşsyzlyk bagtymyz-tylla täçli tagtymyz”


“Garaşsyzlyk bagtymyz-tylla täçli tagtymyz”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň 136-njy orta mekdebiniň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk bagtymyz-tylla täçli tagtymyz” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýdyň ösüşli menzillere tarap ynamly öňe barýan Watanymyz ,, Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyny belleýär. Seriňi buýsançdan doldurýan, kalbyňy mähir-muhabbete besleýän bu şanly sene her bir ynsan üçin mukaddesdir. Bu şöhratly sene ata-babalarymyzyň asyrlar boýy Garaşsyzlyk, özbaşdaklyk ugrunda arzuw-umytlarynyň myrat tapmasydyr.

Çärede çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda keramatly topragymyzda Garaşsyz Watanymyzyň belent maksatly tutumlary, içeri we daşary syýasatymyzda ýetilýän belent sepgitler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly senesini giňden dabaralandyrmaga, täze zähmet ýeňişlerine beslemäge giň ýol açýandygy barada öz çykyşlarynda belläp geçdiler.

Çäräniň dowamynda ýerine ýetirilen aýdym-sazlar we goşgular çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.