“Ýadygärlikler medeniýetiň gözbaşy” atly ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri barada söhbetdeşlik


“Ýadygärlikler medeniýetiň gözbaşy” atly ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri barada söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärlikleri barada “Ýadygärlikler medeniýetiň gözbaşy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçilikleriniň netijesinde milli medeniýetimize, sungatymyza, medeni mirasymyza goýulýan çäksiz hormat, sarpa barada täsirli gürrüňler edildi. Hünärmenlerimiz bilesigeliji okyjylarymyza ýurdumyzyň çäklerinde ýerleşýän taryhy we medeni ýadygärlikler barada täsirli gürrüňler berdiler.

Kitaphanamyz tarapyndan gurnalan sergi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taryhy ýadygärliklerimizi öwrenmäge, täzeden dikeltmäge şeýle-de ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.