Janly tebigatyň waspçysy


Janly tebigatyň waspçysy

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasynyň kiçi ýaşly okyjylara hyzmat etmek bölümi ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki «Bagtyýar nesiller» adyndaky 74-nji orta mekdebinde «Janly tebigatyň waspçysy» - atly Rus ýazyjysy W.Biankiniň doglan gününiň 130 ýyllygyna bagyşlap söhbetdeşlik geçirdi.

Bu çärä 2-nji, 3-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Alypbaryjy belli Rus ýazyjysynyň ömri we döredijiligi barada, onuň gyzykly hekaýalary barada gürrüň berdi. Tanymal çagalar ýazyjysy W.Biankiniň eserleri onuň tebigata bolan söýgüsini, şeýle-de haýwanat dünýäsiniň gyzykly pursatlaryndan açyp görkezipdir. Kitaphananyň hünärmenleriniň gurnan ajaýyp sergisi hem çagalarda uly täsir galdyrdy.