Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen welaýat çagalar kitaphanalarynyň arasynda teleköpri arkaly geçirilen onlaýn maslahaty.


Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy bilen welaýat çagalar kitaphanalarynyň arasynda teleköpri arkaly geçirilen onlaýn maslahaty.



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Mary, Balkan, Daşoguz we Lebap welaýat çagalar kitaphanalary bilen teleköpri arkaly “Syrly dünýä” ady bilen onlaýn maslahatyny geçirdi. Geçirilen onlaýn maslahatyň dowamynda B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň şeýle-de welaýat çagalar kitaphanalarynyň hünärmenleri okyjylary kitaphana çekmek, olaryň kitaba, okamaklyga bolan ösen isleglerini, talaplaryny kanagatlandyrmak babatda alyp barýan işleri babatda özara tejribe alyşdylar. Kitaphanalaryň baý hazynasynda orun tapan gadymy, seýrek duş gelýän kitaplary ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, olarda bar bolan çeşmeleri bilesigeliji okyjylara doly we dogry ýetirmek babatda öňde goýýan meýilnamalary barada özara maslahat etdiler.
Geçirilen onlaýn maslahatyň ahyrynda kitaba aýratyn hormat, sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyza , kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly işleri durmuşa geçirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.