“Saglygyň we bagtyýarlygyň ýurdy”


“Saglygyň we bagtyýarlygyň ýurdy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky medeniýet köşgi, Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy, 7-nji çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde “Saglygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň saglygyny goramak, keselleriň öňüni almak, ynsan ömrüniň dowamlygyny uzaltmak, “Saglyk” döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi, halkara guramalar bilen bu ugurda hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda giň gerimli çäreleriň amala aşyrylýandygy, obalardyr , etraplarda, şäherlerde saglyk öýleri, döwrebap hasahanalar gurlup, olary dünýä ülňülerine laýyk gelýän lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylýandygy, hassahanalar bilen bir hatarda, döwrebap şypahanalar hem hereket edýänligini, adamyň şahsy arassaçylyk düzgünleri möwsümde ýüze çykyp biläýjek birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almak, ýurdumyzda giňden ýaýbaňlanýan gendir syýasaty, gender deňligi durmuşyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan işlere aýallaryň erkekler bilen deň-derejede gatnaşýandygy barada çykyş edýänleriň her biri gürrüň berdiler.

Halkymyzyň saglygyny goramak we berkitmek, raýatlarymyzyň ömrüni uzaltmak barada alada edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza jan saglyk, uzak ömür ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, ynsan saglygyny goramak we berkitmek ýaly asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdiler.