Magtymguly Pyragy – şygryýetiň çyragy


Magtymguly Pyragy – şygryýetiň çyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy, Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy – şygryýetiň çyragy» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ajaýyp döredijiligi asyrlaryň dowamynda türkmen edebiýatynyň genji-hazynasy bolup, şahyryň öwüt-ündewe ýugrulan şygyrlary agzybirlik, edep-terbiýe, watansöýüjilik, mertebelilik, halallyk ýaly häsiýetleriniň beýan edilýändigi, onuň her bir şygry ynsanyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrýandygy, şeýle-de ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde, olaryň ýagşy gylyk-häsiýetli bolup ýetişmeginde şahyryň goşgulary gymmatly gollanma bolup durýandygy hakynda gürrüň berdiler.

Mundan başga-da häzirki wagtda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň mertebesi has-da belende göterilip dünýä ýüzünde tanalmagy, onuň goşgularynyň uly söýgi bilen okalýandygy hem-de aýdym edip aýdylýandygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.