“Keşdeçilik sungaty-gymmatly miras”


“Keşdeçilik sungaty-gymmatly miras”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Türkmen keşdeçilik sungatynyň, ýüpekçilikde we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berjilik däbiniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni-mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Keşdeçilik sungaty-gymmatly miras” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nagyşdyr-keşdelere türkmen terbiýe mekdebinden kemal tapan asyllylyk, päkizelik mahsusdygy, muny türkmen halylarynyň, kürte – çabytlarynyň goýazy, agras keşbi bilen hem tassyklap bolýar. Biri-birinden owadan keşdeler türkmen zenanlarynyň Gözelligine gözellik goşýandygy, 2021-nji ýylyň maýynda milletiň käbesi Ogulabat ejäniň Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine öz eli bilen bejeren kürtesini ýadygärlik höküminde gowşurmagy milli keşdeçilik sungatymyzy galkyndyrdy, keşdeçi zenanlarymyzy has-da ruhlandyrdy hem her birimiziň kalbymyzda ebedi orun aldy. Türkmen milli keşdeçilik sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Şeýlede türkmen zenanlarynyň on barmagynyň hünäri bolan el keşdelerimiz bu günki gün tutuş dünýäde umumyadamzat gymmatlygyna öwrülendigi barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda keşdeçilik sungatymyzy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän, türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň, hemişe rowaçlyklara beslenmegini, arzuw etdiler.