«Rysgal-döwlet bolup gel sen, Täze ýyl!» atly söhbetdeşlik geçirildi


«Rysgal-döwlet bolup gel sen, Täze ýyl!» atly söhbetdeşlik geçirildi



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli «Rysgal-döwlet bolup gel sen, Täze ýyl!» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde her bir güni uly şatlyk-şowhuna beslenýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly halkymyza bagtyýarlyk eçilýän ýyllaryň biri boldy. Ýagşy umyt-arzuwlardyr belent maksatlar bilen Täze — 2024-nji ýyly mynasyp garşy almaga taýýarlyk görýän günlerimizde ak mermerli paýtagtymyz baýramçylyk donuna beslenip, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işleriň üstünlikli amala aşýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. Goý, geljek Täze ýylymyz hem täzeden täze üstünlikleri, rowaçlyklary, beýik başlangyçlary bilen gadam bassyn!