«Arkadagyň eserleri pähim-paýhas çeşmesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi


«Arkadagyň eserleri pähim-paýhas çeşmesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen «Türkmengaz» döwlet konseriniň Medeni-işewürlik merkeziniň bilelikde guramagynda «Arkadagyň eserleri pähim-paýhas çeşmesi» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, alym Arkadagymyzyň döredijilik zehininiň miwesi bolan ajaýyp kitaplary barada, esasanda ösüp barýan ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky ajaýyp kitaplarynyň birnäçesi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

«Sözi paýhas bezär, sazy-sungat» diýen nakyla eýerýän halkymyz ähli döwürlerde-de pederlerimiziň parasatly sözlerine, öwüt-ündewlerine uly sarpa goýup, olary çaga terbiýesinde ulanyp gelipdirler. Ata-babalarymyzyň paýhas eleginden eýlenen bu dürdäne sözler nesillerimize dogry ýoly salgy berip, hemişe beýik işlere ruhlandyrýandygy barada gürrüň berdiler.