“Magtymguly Pyragy - ynsan kalbynyň öçmejek nury”


“Magtymguly Pyragy - ynsan kalbynyň öçmejek nury”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy- ynsan kalbynyň öçmejek nury” ady bilen göçme sergi gurnaldy we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärede çykyş edenler türkmen halkynyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem gymmatly dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini ylmy esasda öwrenmek babatda giň gerimli işleriň alnyp barylýandygy, akyldar şahyrymyz özüniň ajaýyp goşgulary bilen türkmen edebiýatyny baýlaşdyryp, onda öçmejek yz galdyran, döwletiň berkararlygyny, halkyň agzybirligini islän şahsyýetdir diýip gürrüň berdiler. Şeýle-de şahyryň birnäçe şygyrlaryndan çeper okaldy.

Çäräniň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky arzuwyny hasyl edip, halkymyzy asuda, parahat durmuşda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.