«Sport – saglygyň gözbaşy»


«Sport – saglygyň gözbaşy»



Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda bellenilen meýilnama esasynda aprel aýynyň 2-sine «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde kitaphananyň ýaşajyk okyjylary bilen bilelikde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sport – saglygyň gözbaşy» ady bilen dabara geçirdi. Dabaranyň dowamynda kitaphananyň ýaşajyk okyjylary, sporty söýüjiler sportuň dürli görnüşleri boýunça özara bäsleşdiler. Şeýle-de türkmen sportuny wasp edýän ajaýyp goşgular, aýdym-sazlar ýaňlandy. Kitaphananyň «Sagdyn nesil – Watanymyzyň daýanjy» ady bilen gurnan neşir önümleriniň göçme sergisi sport çäresine gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Dabaranyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sagdyn, berk bedenli, gujur-gaýratly adamlar bolup ýetişmegi üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.