“Bilimli ýaşlar - ýurduň daýanjy” atly gürrüňdeşlik
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 4-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen bilelikde Bilimler we talyp-ýaşlar güni mynasybetli “Bilimli ýaşlar - ýurduň daýanjy” ady bilen gürrüňdeşlik geçirdi.
Gürrüňdeşligiň dowamynda ylym-bilime höwesek ýaş nesilleriň okamagy, öwrenmegi üçin ýurdumyzda döredilýän giň mümkinçilikler barada täsirli gürrüňler edildi. Şeýle-de gürrüňdeşlige gatnaşanlar hormatly Prezidentimiziň ýurduň geljegi hökmünde ýaş nesillere bil baglaýandygy we olaryň ylymly-sowatly bolmagy üçin, bagtyýar ýaşap, Watanyň mynasyp ogul-gyzlary bolup ýetişmegi üçin ähli şertleri döredýänligi barada uly buýsanç bilen aýtdylar. Kitaphananyň hünärmenleri “Bilimli nesil - kuwwatly Watan” atly kitap sergisini gurnady.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.