“Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilmegine kitaphana işgärleriniň seslenmesi” atly söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň geçirilmegine kitaphana işgärleriniň seslenmesi” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde çykyş eden halypa kitaphana işgärleri Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi hakyndaky ýürek buýsançlaryny, geljek 30 ýylyň dowamynda ediljek işler hakynda guwanç bilen söhbet etdiler.
Soňra hormatly Prezidentimiziň ýaşlara goýýan hormaty, ýurdumyzy mundan beýläk hem, geljekde-de ösdürmek üçin ýaşlara bildirýän uly ynamy hakynda gürrüň etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.