«Medeniýet galkynýar Arkadag bilen!»


«Medeniýet galkynýar Arkadag bilen!»



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmen döwlet Medeniýet institutynyň talyplaryň arasynda «Medeniýet galkynýar Arkadag bilen!» atly göçme sergisini gurady. Bu kitap sergide hormatly Prezidentimiziň jöwher zehininden dörän ajaýyp eserleri hem-de milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüşlerine bagyşlanan dürli neşirler giňden ýaýbaňlandyryldy. Serginiň dowamynda talyp ýaşlar bilen kitaphana işgärleriniň arasynda sorag-jogap alyşyldy. Ajaýyp kitaplar sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.