,, Ylym-ykrar, bilim-binýat ”


,, Ylym-ykrar, bilim-binýat ”



Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Ylymlar güni mynasybetli ,,Ylym-ykrar, bilim-binýat” ady bilen kitaphanaçylaryň arasynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige halypa we ýaş kitaphana işgärleri gatnaşyp, Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerinden ylym-bilim dogrusynda, ýaş nesillerimiziň ylymly, bilimli, sowatly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin edilýän aladalar barada täsirli söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň soňunda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza jan-saglyk, döwlet ähmiýetli işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.