Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp söhbetdeşlik geçirildi
Ýakynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň ömri we döredijiligine bagyşlanyp Mary welaýat kitaphanasynda Mary welaýat şahyrlar birleşmesiniň işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.
«Edebiýat we sungat» gazetiniň habar bermegine görä, Marynyň Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen söhbetdeşlikde şahyr zenanlar Nurtäç Ýusupdurdyýewa, Aýnäzik Esenowa, Ogulşat Orazowa we halypa aýdymçy Ogulnabat Berdiýewa dagy milli edebiýatymyzy ösdürmäge saldamly goşant goşan şahyr Gurbannazar Ezizowyň edebi mirasy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Olar «ýazyň-güýzüň şahyry» diýlip ykrar edilen ajaýyp şahyra bagyşlap ýazan goşgularyny okadylar we talyp ýaşlar bilen sowal-jogap alyşdylar. Bu ýerde guralan sergide G.Ezizowyň dürli ýyllarda neşir edilen goşgular ýygyndylary, onuň döredijiligi barada gürrüň berýän döwürleýin neşirler görkezildi.