“Türkmen milli oýunlary”


“Türkmen milli oýunlary”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasy, Aşgabat şäheriniň Bedenterbiýe we sport baradaky baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen “Küşt we şaşka” mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen milli oýunlary” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe geljegimiz bolan ýaş nesillerimize berilýän edep-terbiýede türkmen milli oýunlarynyň saglyga ýetirýän täsiri şeýle-de milli oýunlaryň köp asyrlyk taryhy tejribesi esasynda kämilleşen milli ýörelgelerimize laýyk belent adamkärçilikli, ýokary ahlakly, aň-düşünje babatynda kämil, watansöýüji, sagdyn we ruhubelent, zähmetsöýer nesli terbiýeläp ýetişdirmekde mynasyp ornunyň bardygy dogrusynda giňişleýin söhbet etdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýaş nesillerimiz hakynda edilýän aladalaryň bimöçberdigi, ýaşlarymyzyň arasynda sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, türkmen milli hereketli oýunlary boýunça gyzykly bäsleşikleriň gurnalmagy, çagalaryň arasynda köpçülikleýin gezelençleri geçirilmegi munuň aýdyň mysaly bolup durýandygyny buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda eziz diýarymyzda milli gymmatlyklarmyzy öwrenmekde, ösdürmekde we wagyz etmekde uly işler alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.