“Ýylyň -göreldeli okyjysy”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet öýünde Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana we 21 sany kitaphana şahamçalarynyň okyjylarynyň arasynda “Ýylyň-göreldeli okyjysy” ady bilen bäsleşik geçirildi.
Bäsleşik üç şertden ybarat bolup, onuň esasy maksady kitaphana gelýän okyjylaryň ukyp başarnygyny ýüze çykarmak, okan kitaplaryny içgin özleşdirmek hem-de döwrüň talaplaryna kemsiz jogap berip bilýän ýaş nesilleri kemala getirmek maksady bilen geçirilen bäsleşikde emin agzalar tarapyndan bäsdeşlere adalatly baha berildi. Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan okyjylara emin agzalar tarapyndan sowgatlardyr, hormat hatlary gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda bäsleşige gatnaşanlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag, başlarynyň dik alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.