“Bagtyýar çagalaryň mekany”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Gowşudow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Altyn damja” çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde “Bagtyýar çagalaryň mekany” atly sergi gurnaldy we gürrüňdeşlik geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyzda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy üçin ägirt uly mümkinçilikleriň döredilýändigini, olaryň ajaýyp çagalar baglarynda terbiýelenip, ak mekdeplerde okap bilim almaklary, tomusky dynç alyş möwsümlerinde bolsa ýurdumyzyň gözel künjeklerinde rahat dynç alyp wagtlaryny gyzykly geçirmekleri üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň hereket edýändigi hem-de çagalaryň yhlasly okamaklary olaryň, kämil, ösen, Watanymyzyň ösüşine goşant goşjak şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertleriň döredilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar nesillerimiz barada uly aladalar edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.