Kitap – ruhy hazyna
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda «Kitap – ruhy hazyna» atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde ynsanyň ruhuna täsir edýän kitaby okamaklygyň netijesinde gaýratly, edepli, Watanyny, zähmeti söýýän, däp-dessurlara uýýan, ynsanperwer, kanagatly, pespälli, tutanýerli, sagdyn, halal häsiýetli ynsan bolup kemala gelinýänligi barada täsirli gürrüňler edildi. Kitap adama edil howanyň, güniň, suwuň zerur bolşy ýaly gerekdir. Kitap okamak adama dynç berýär, ruhuny baýlaşdyrýar, dünýägaraýşyny giňeldýär. Söhbetdeşlikde kitabyň ähmiýeti barada gyzykly gürrüň edildi.
Söhbetdeşlikde oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamynyň, kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi babatda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.