“Türkmenistan Parahatçylygyň, sagdynlygyň we ösüşiň ýurdy”
Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň merkezi geňeşiniň, Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmenistan Parahatçylygyň, sagdynlygyň we ösüşiň ýurdy” atly maslahat geçirildi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe zenanlar barada alada, jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň syýasy ýörelgesiniň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň ýurdumyz halkara gatnaşyklarda “Dialog - parahatçylygyň kepili” hökmünde kesgitlenilen filosofiýa eýermek bilen gender syýasaty babatda anyk maksatlara gönükdirilen wezipeleri durmuşa geçirmäge jogapkärli çemeleşýärler.
Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa döwletiniň we Russiýanyň zenanlarynyň Aşgabat dialogynda tebigatyň arassaçylygy barada-da, ynsan saglygy dogrusynda-da, dünýä ýüzüniň asudalygy bilen baglanyşykly halklaryň ykdysady durmuşyny oňatlyga özgertmek hakynda türkmen zenanlarynyň abraýynyň halkara derejede belende galýandygyna şaýatlyk edýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.