“Kitaphana - ruhy terbiýäniň gözbaşy”


“Kitaphana - ruhy terbiýäniň gözbaşy”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamy, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä diller instituty hem-de Mary welaýat kitaphanasy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Kitaphana – ruhy terbiýäniň gözbaşy” ady bilen onlaýn maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz bedew bady bilen öňe barýar. Jemgyýetimiziň aýrylmaz bölegi bolan kitaphanalaryň işiniň has hem dünýä ülňülerine laýyk ösmeginde örän uly işler alnyp barylýar. Kitaphana ulgamynyň geriminiň giňelmegi we kämilleşmegi, kitaphanalaryň işine ylmyň hem-de tehnikanyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagy üçin ähli şertleriň döredilmegi biz kitaphanaçylary diýseň begendirýär.

Maslahatda ýurdumyzyň welaýat, etrap, şäher merkezlerindäki merkezi kitaphanalarynda bitewi elektron kitaphana ulgamynyň döredilendigi, munuň özi kitaphana gorlarynyň has-da baýlaşmagyna, milli edebiýatymyz we dünýä edebiýaty bilen giňişleýin tanyşmakda, ylmyň soňky gazananlaryny, dürli ulgamlaryň ösüşleri barada maglumatlary toplamaga ony okyjylara wagyz etmekde gymmatly serişde bolup hyzmat edýänligi barada çykyş etdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.