«Parahatçylyk we ynanyşmak ösüşleriň özeni»


«Parahatçylyk we ynanyşmak ösüşleriň özeni»



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň gurnamagynda Bagtyýarlyk etrabynyň Medeniýet köşgünde 2021-nji ýyl «Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly mynasybetli «Parahatçylyk we ynanyşmak ösüşleriň özeni» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler 2021-nji ýyl «Türkmenistan- parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ajaýyp sazlaşygy emele getirmegi biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatynyň dabaralanýandygynyň subutnamasydygyny, dünýäde parahatçylygy, durnukly ösüşi gazanmagyň hatyrasyna dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň özara düşünişmegini gazanmak bilen baglanşykly amala aşyrylýan işler şeýle-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň alyp barýan halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny has-da dabaralandyrjak bu ýyl ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýy mynasybetli görülýän uly taýýarlyklar barada täsirli gürrüň berdiler.