“ Körpe jigilerimiziň ýazan goşgulary”-atly söhbetdeşlik


“ Körpe jigilerimiziň ýazan goşgulary”-atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 76-njy orta mekdebinde okyjylary bilen bilelikde “Körpe jigilerimiziň ýazan goşgulary” ady bilen gyzykly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda çagalar “Güneş” žurnalyndan öz deň-duşlarynyň ýazan goşgularyny gyzykly we labyzly okamakda özara bäsleşdiler. Bäsleşikde birinji, ikinji, üçünji synp okuwçylary gatnaşyp, öz zehin aýratynlyklaryny görkezdiler.
Soňra ýeňiji bolan çagalara höweslerini has-da artdyrmakda birinji, ikinji, üçünji ýerler kesgitlendi. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmeni Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesillerimizi Watançylyk ruhda terbiýelemekde hormatly Prezidentimiziň ýiti galamyndan syzylyp çykan “Jan Watanym Türkmenistan!” atly goşgusyny labyzly okap berdi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň geljegi bolan ösüp gelýän ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri beýan edildi.