Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda «Änew şäheri geçmişiň buýsançly sahypalary» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet galamyndan çykan «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitaby Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giň okyjylar köpçüligine gymmatly sowgat bolandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu ajaýyp eserde dünýä swilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan, halkymyzyň baý medeni mirasyny, taryhyny düýpli öwrenmekde we ony giňden wagyz etmekde bahasyna ýetip bolmajak gollanma bolup durýandygy barada belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda bagtyýar şu günümiziň ösüşlerini dowamat-dowama besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.