“Gurbanlyk – hoşniýetliligiň baýramy” atly söhbetdeşlik


“Gurbanlyk – hoşniýetliligiň baýramy” atly söhbetdeşlik



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda öz okyjylary bilen milli Gurban baýramy mynasybetli “Gurbanlyk – hoşniýetliligiň baýramy” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda mukaddes Gurban baýramyna mahsus ajaýyp däp-dessurlarymyz, adatlarymyz barada täsirli gürrüňler edildi. Bu baýramda Gurbanlyk sadakalarynyň berlip, bereketli saçaklaryň giňden ýazylýandygy, il-ýurt abadançylygy üçin ýagşy dileg-dogalaryň edilýändigi şeýle-de gyz-gelinleriň täze lybaslara beslenip, hiňňildik uçup, birek-birege ýagşy isleg-arzuwlaryň beýan edilýändigi barada gyzykly söhbetdeşlik boldy. Gurnalan kitap sergisi hem ýaşajyk okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Söhbetdeşligiň ahyrynda milli baýramçylyklarymyzy uludan toýlamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.