“Garaşsyzlyk-mertebesi milletiň”


“Garaşsyzlyk-mertebesi milletiň”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda Garaşsyzlyk binasynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygy mynasybetli “Garaşsyzlyk-mertebesi milletiň” ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda gün-günden täze ösüşlere beslenýän Garaşsyz Watanymyz öz şanly geljegine sary batly gadamlar bilen barýar. Ösüşleriň şany dünýä ýaýylýan, halkara abraýy barha arşa galýan, mukaddes Garaşsyzlyk bilen gül açýan eziz Watanymyzyň goýnunda amala aşyrylýan ajaýyp özgertmeler diňe bir halkymyzy däl, dünýä halklaryny hem haýran galdyrýar.

Döredijilik duşuşygynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri, ýeten belent sepgitleri barada giňişleýin gürrüň berdiler we ýurdumyzyň ösüşleri, ata Watanymyzyň, mukaddes Garaşsyzlyk gününiň waspyny şahyrlar öz goşgy setirlerinde beýan etdiler.

Baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary, ata Watanymyzyň dünýä derejesindäki ösüşlerini hemmetaraplaýyn açyp görkezýän edebiýatlar ýerleşdirildi we tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.