Halkara onlaýn-maslahaty geçirildi


Halkara onlaýn-maslahaty geçirildi



2021-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň hem-de ýurdumyzyň welaýat kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Russiýa, Belarus, Özbegistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Moldowa, Gyrgyzystan, Ermenistan, Täjigistan döwletleriniň kitaphanalarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda, Russiýa Federasiýasynyň Döwlet kitaphanasy tarapyndan «Kitaphanalaryň arkalaşygy: üstünlikler we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegi» atly halkara onlaýn-maslahaty geçirildi. Bu halkara forum iki gün dowam edip forumyň maksatnamasy ýurtlaryň kitaphanalarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygyň has netijeli ýagdaýlarynyň kuwwaty we kitaphana işiniň iň gowy tejribesi bilen tanyşdyrmaklyga bagyşlanar. Forum Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döredilmeginiň 30 ýyllygyna gabat geldi.
Onlaýn-maslahatyna kitaphanalaryň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Onlaýn-maslahaty üç tema boýunça geçirildi, ýagny «Kitaphanalar pandemiýa şertlerinde», «Kitaphanalaryň innowasion we taslama ösüşi», «GDA döwletleriniň kitaphanalarynyň hyzmatdaşlygy». Onlaýn maslahatynda pandemiýa şertlerinde ulanyjylara hyzmat etmegiň aýratynlyklary, kitaphanalarda alnyp barylýan innowasion işler, bitewi elektron kitaphanalarynyň ulgamynyň ähmiýeti şeýle hem kitaphanalaryň arasynda tejribe alyşmaklyk barada giňişleýin söhbet edildi.
Forumyň 1-nji güni kitaphana işiniň kämilleşdirilmegi bilen bagly wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmak maksady bilen GDA gatnaşyjy döwletleriň kitaphanalarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Duşuşykda öňdebaryjy taslamalar, toplumlaýyn sanlaýyn başlangyçlar, innowasion iş-hereketiň mysallary, şeýle hem 2021-nji ýylda halkara kitaphana hyzmatdaşlygyny kämilleşdirmekligiň mümkinçilikleri tanyşdyrylar.
Halkara maslahatlaryň geçirilmegi döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary has hem berkitmekde örän uly ähmiýeti bardyr. Medeniýetleriň biri-biri bilen ýakynlaşmagy bolsa döwletleriň abadan, parahat ýaşamaklygyna we ösüşlere getirýär. Medeni gatnaşyklaryň yzygiderli geçirilmegi döwletleriň ykdysady galkynyşyny berkidýär.