“Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk”


“Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda “Bitaraplyk – baky bagtyýarlyk” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen durmuşa geçirilýän beýik işleri dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen rowaçlanýan gatnaşyklar, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, ýer ýüzünde durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhüm orny eýeleýändigi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ylalaşygyň we halklaryň arasyndaky dostlugyň hakyky merkezine öwrülendigi, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy sebitde halkara hyzmatdaşlygynyň we goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösmegine itergi berýändigi, döwletimiz gysga wagtda dünýäde özboluşly daşary syýasatyny amala aşyrýan döwlet hökmünde belent abraý – mertebä eýe bolýandygy barada giňişleýin gürrüň etdiler.
Çäräniň dowamynda kitap sergisi we 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň nakgaşçylarynyň surat sergisi gurnaldy. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy we halkyna parahat ýaşaýşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyza alkyş sözleri aýdyldy.