At türkmeniň buýsanjy


At türkmeniň buýsanjy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen Türkmenistanyň şekilendiriş sungaty muzeýiniň bilelikde gurnamagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “At türkmeniň buýsanjy” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde türkmen halky köptaraply taryhy medeniýetiň eýesi bolup, şolaryň arasynda şan –şöhraty dünýä dolan türkmeniň ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp atşynaslyk sungaty mynasyp orny eýeleýär. Ahalteke atlary medeni mirasymyzyň aýrylmaz bir bölegi bolup, gözelligiň we ýyndamlygyň naýbaşy nusgasy bolup, ahalteke bedewleri bilen dünýäde giňden tanalan halkymyz milli guwanjy bolan bedewleriniň arassa neslini şu günlere ýetiripdir. Bedew türkmen halkynyň uçar ganaty hasaplanýandygy şeýele-de Hormatly Prezidentimiz ahalteke bedewleri bilen yzygiderli didarlaşmagy asylly ýörelgä öwrülendigi hem-de behişdi bedewlerimiziň şan-şöhraty dünýä ýaň salýandygy hem-de ýelden ýüwrük bedewlerimize goýulýan sarpanyň ajaýyp zamanamyzda belent derejelere galýandygy barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýeňişli ýollaryndan ynamly gadam urýan agzybir halkymyzyň göz-guwanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny belende galdyrýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.