“Hemişelik Bitaraplyk şanyna, tutýan toýuň gutly bolsun Arkadagly Serdarym!”


“Hemişelik Bitaraplyk şanyna, tutýan toýuň gutly bolsun Arkadagly Serdarym!”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Aşgabat şäheriniň Gurbansoltan eje adyndaky daşary ýurt dilini ýöriteleşdirilen 115-nji okuw terbiýeçilik toplumy bilen bilelikde gurnamagynda “Hemişelik Bitaraplyk şanyna, tutýan toýuň gutly bolsun Arkadagly Serdarym!” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hemişelik Bitaraplyk – halkymyzyň parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşygy özüne hemişelik hemra edinen halkymyz häzirki döwürde täze gadamlar bilen dünýä giňişliginde mynasyp ornuny eýeleýändigini, bütin dünýäniň halklaryna nusga bolup durýar. Halkyň Arkadagly zamanasy ýylymyzda bolýan taryhy wakalar her birimiziň ýürek buýsanjymyzy joşdurýar şonuň üçin hem, ata Watanymyzyň şan-şöhraty çar ýana ýaň salýar. Häzirki ajaýyp günlerde ýurdumyzyň Halkara Bitaraplygynyň 27 ýyllyk toýuna uly ruhubelentlik bilen barýandygy, şanly Garaşsyz baky Bitaraplyk türkmen halkynyň hasyl bolan arzuwydygy, Türkmenistanyň Halkara Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ýurdumyzda we dünýäde gülläp ösüşleriň binýadydygy barada çärede giňişleýin okyjylara gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda dünýä nusgalyk işleri bitirýän, hemişelik Bitaraplyk hukuk derejämizi, parahatçylyk ýoluny mynasyp dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyza janlarynyň sag beýik işleriniň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler!