“Meniň güneşli ülkäm”


“Meniň güneşli ülkäm”



Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy Gökderedäki “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” atly çagalar dynç alyş merkezinde “Meniň güneşli ülkäm” ady bilen ýaşajyk suratkeşler bilen duşuşyk geçirdi. Kitaphananyň hünärmenleri ülkämizde ösýän ösümlikler, olaryň ähmiýeti barada gyzykly gürrüň berdiler. Mundan başgada ülkämize, ýagny türkmen tebigatyna bagyşlanan kitap sergisi gurnaldy.
Çärämiziň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözleri aýdyldy.