Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz ” atly kitaby esasynda wagyz – nesihat çäresi geçirildi


Hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz ” atly kitaby esasynda wagyz – nesihat çäresi geçirildi



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynda hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitaby esasynda wagyz – nesihat çäresi geçirildi.
Çärede hormatly Prezidentimiziň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabynyň gymmatly çeşme bolup durýanlygy we bu kitapda taryhy ýadygärliklerimiziň, şahsyýetlerimiziň, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyzda ähli pudaklarda açylan binalaryň fotosuratlarynyň ýerleşdirilmegi onuň täsirini has-da artdyrýandygy, kitapda dünýäniň ähli ýurtlaryny birleşdirmäge gönükdirlen belent maksatlary mundan beýläkde amala aşyrmagyň mümkinçilikleriniň hemmetaraplaýyn seljerilendigi, şeýle hem kitap parahatçylygyň, öňe gitmegiň we ähli adamzadyň ýagty geljeginiň hatyrasyna halklary birleşdirýän ideýalaryň üýtgewsiz ähmiýetini okyjylara açyp görkezýänligi hem-de Watanymyzyň döwlet Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şöhratly taryhynyň ýyl ýazgysyna öwrülendigi, şunuň bilen birlikde bu kitap diňe bir taryhy babatda däl, eýsem, ýurdumyzyň geljegi bilen baglylykda Garaşsyzlyk eýýamynyň wakalaryny beýan etmekden ybaratdygy barada täsirli gürrüň edildi.
Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleriniň mydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.