Türkmen medeniýeti we Magtymguly Pyragynyň şygryýeti bitewi gymmatlykdyr
Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli Konserwatoriýasynyň bilelikde gurnamagynda “Türkmen medeniýeti we Magtymguly Pyragynyň şygryýeti bitewi gymmatlykdyr” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Çärede çykyş edenler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň ýurdumyzda giňden bellenilýändigi, bu baýramçylyk medeniýetiň we sungatyň ähli görnüşlerini özünde jemlemek bilen birlikde, türkmen halkynyň köp asyrlyk döredijiligini dünýäde wagyz etmäge şert döredýändigi, häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewiliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň, joşgunly senasy bolup ýaňlanýandygyny, akyldar şahyryň oý-pikirleriniň, pähim-paýhasynyň biziň şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisine syn berildi. Bu bolsa oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.