“Arkadagyň eserleri - ruhlandyrýar nesilleri”


“Arkadagyň eserleri - ruhlandyrýar nesilleri”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Berdi Kerbabaýew adyndaky kitaphana şahamçasynyň gurnamagynda “Arkadagyň eserleri - ruhlandyrýar nesilleri” ady bilen kitap sergi gurnaldy we sesli okaýyş geçirildi.

Çärede türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkymyza sowgat beren birnäçe eserleri müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli, ruhy, ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesidigi, Gahryman Arkadagymyz pederlerimiziň asylly, ruhy gymmatlyklaryna sarpa goýmak bilen, biziň günlerimize çenli ýetip gelen çeşmeleri we maglumatlary jikme-jik öwrenip her bir eserinde beýan edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Şeýle-de “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” şygary bilen garşy alynýan ýylymyzda, biz – bagtyýar ýaşlar hormatly Prezidentimiziň ynamyna eýerip, gözümiziň göreji, başymyzyň täji bolan ajaýyp ýurdumyzy dünýäniň iň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak hem-de Watanymyzyň syýasy, ykdysady we ruhy - medeni kuwwatyny mundan beýläk-de artdyrmak üçin hemişe ynamly zähmet çekjekdikleri dogrusynda gürrüň berdiler.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýtdylar.