“Türkmen milli oýunlary-durmuşyň we taryhyň sapaklary”


“Türkmen milli oýunlary-durmuşyň we taryhyň sapaklary”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň Aşgabat şäheriniň Sport we Ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Türkmen milli oýunlary-durmuşyň we taryhyň sapaklary” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesillerde gadym eýýamlardan gelýän milli oýunlara, kitap okamaklyga höwes döretmek olaryň ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaga uly ýardam berýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesiller hakdaky aladany ähli zatdan ýokary tutýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýdyp, janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.