«Alkyş aýdyp Arkadagyň adyna, toý tutulýar bedewleriň şanyna»


«Alkyş aýdyp Arkadagyň adyna, toý tutulýar bedewleriň şanyna»



Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Türkmenistan – bitaraplygyň mekany» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ahalteke bedewlerimiziň şanyna uly toý tutulýar. Gamyşgulak, seýkin basyşly bedewlerimiziň gözelligine, olaryň görkezýän oýunlaryna dünýä ýüzi haýran galýar. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda bu baýramçylyga goşant goşmak maksady bilen «Alkyş aýdyp Arkadagyň adyna, toý tutulýar bedewleriň şanyna» baýramçylyk dabarasy geçirildi. Bu dabarada ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdebiniň biri S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary, döredijilik işgärleri şeýle-de, kitaphana işgärleri we okyjylar gatnaşdylar. Baýramçylyk dabarasynyň dowamynda giňişleýin kitap sergisi hem gurnalyp, bu kitap sergisinde esasan Hormatly Prezidentimiziň behişdi bedewler barada ýazylan kitaplary, atçylyk baradaky okuw gollanmalary şeýle-de döwürleýin neşirlerde gamyşgulak bedewler barada ýazylan makalalar hem ýerleşdirildi. Bu kitap sergisi dabara gatnaşyjylarda ahalteke bedewleri barada gerekli maglumatlaryny öwrenmekde örän täsirli boldy. Behişdi bedewlerimiziň at-owazasyny dünýä ýaýmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň edýän bimöçber işleri üçin alkyşlar aýdylyp, janynyň sag, alyp barýan döwlet ähmiýetli işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.