“ Bagtyýar ýurdumyza – Nowruz geldi, ýaz geldi”


“ Bagtyýar ýurdumyza – Nowruz geldi, ýaz geldi”



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Milli bahar baýramy mynasybetli Bagyr medeniýet öýünde “Bagtyýar ýurdumyza – Nowruz geldi, ýaz geldi” ady bilen aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Çärede çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tebigatyň ynsana ruhubelentlik, şatlyk, jümle-jahana janlanyş hem-de täzeleniş bagyş edýän çagynda Milli bahar baýramy döwlet derejesinde, ýurt asudalygynda, il agzybirliginde, ruhubelentlikde, jebislikde ýurdumyzyň dürli künjeginde uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçilýär. Ajaýyp baharyň nurana baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramçylygy kalbymyzy iň gowy duýgulara gaplaýar. Baglarda saýrak bilbiller owaz edip, ynsanyň durmuşa, ýaşaýyşa bolan söýgüsini artdyrýar. Bu bolsa Güneşli Diýarymyza baharyň gelşiniň juda üýtgeşik bolýandygy, daşky gurşawymyz, tebigatymyz ýaşyl reňke bürelýändigi, Bahar gelende türkmen sährasyndan öwsüp gaýdýan mylaýym ýeller bagtyýar zamanamyzyň bagtyýar günleri bilen sazlaşyp, köňüllerimize mähir çaýýandygy, Nowruz diňe täzelenişiň, direlişiň, gözelligiň, päkligiň baýramy bolman, eýsem dost-doganlygyň, birek-birege mähribanlygyň, agzybirligiň baýramydygy barada gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli gurnalan kitap sergisi, 2-nji çagalar çeperçilik mekdebiniň baýramçylyk mynasybetli çeken surat sergileri, ýaňlanan aýdym-sazlar we şahyryň bahar paslyny wasp edýän goşgulary çärä gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.