“Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy”


“Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy”



Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Garadamak şäherçe kitaphana şahamçasy bilen 80-nji orta mekdebiň bilelikde gurnamagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli “Garaşsyzlyk - bagtymyzyň gözbaşy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde Garaşsyzlyk ýyllary içinde şan-şöhratly geçen ýollary, gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk, myhmansöyerlik däpleriniň asylly ýörelgelere öwrülendigi, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, däp-dessurlarymyzy berjaý etmäge uly mümkinçilikleriň döredilendigi, mukaddes Garaşsyzlygymyzy alanymyzdan bäri ýetilen beýik sepgitler, ösüşler barada giňişleýin çykyş edildi.

Mekdep okuwçylary öz ýürek buýsançlaryny aýdym-sazlaryň, ata Watanymyzy, mukaddes Garaşsyzlygymyzy wasp edýän goşgularyň üsti bilen beýan etdiler. Bu bolsa çärä gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda eziz Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine ýetirýän Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.