“Bitaraplyk köňüllere nur saçýar”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirlen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasy hem-de Aşgabat şäherindäki Syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk gününiň 27 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk köňüllere nur saçýar” ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çärede çykyş edenler Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolan ýylyndan bäri, bu ugurda amala aşyrylan beýik işler dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmekde uly ähmiýete eýedigini, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji Bitarap döwlet bolmagy diňe bir sebitde däl, eýsem bütin dünýäde taryhy sene bolandygyny, türkmen halky parahatsöýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga ygrarly bolmak bilen bu günki gün dünýä giňişliginde öz ornuny berkitýändigini, türkmenler ilkinji nobatda goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň özara bähbitli bolmagyna uly ähmiýet berip dünýä ýüzünde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ýaýbaňlanmagyna uly itergi berýändigini giňişleýin gürrüň berdiler.
Çäräniň dowamynda Garaşsyz hemişelik Baky Bitarap Türkmenistan Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda iri halkara forumlaryň, ylmy-amaly maslahatlaryň, sergileriň, sport ýaryşlarynyň geçirilýän ýerine öwrülendigi hakynda belläp geçdiler.
Çäräniň ahyrynda halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýdyldy.