Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy


Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasy “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň gözbaşy” ady bilen Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli gürrüňdeşlik geçirdi.
Çärede Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Bütindünýä saglyk güni täze mazmunly ýörelgeler bilen rowaçlanyp, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri işjeň ornaşdyrylýandygy şeýle-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halkymyzyň saglygy, ýaş nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy barada alada edilip, häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Parahat ýurdumyzda ilaty ýokary hilli saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün etmek babatynda dürli maksatnamalar we meýilnamalar durmuşa ornaşdyrylýandygy hem-de raýatlarymyzyň saglygyny goramak, abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin sagaldyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar gurlup halkymyza hyzmat edilýändigi barada giňişleýin çykyş etdiler.
Çäräniň ahyrynda halkyny bagtyýar durmuşa alyp barýan hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.