Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy


Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly kitabynyň 14-nji jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy



Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy, Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň bilelikde gurnamagynda Bagyr medeniýet öýünde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 14-nji jildiniň aýdym-sazly tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy – ensiklopedik kitaby türkmen halkynyň sagdyn durmuşda ýaşamagy üçin möhüm gollanma bolup durýanlygy, bu kitap okyjylaryň Türkmenistanyň ajaýyp tebigatyna, ösümlik dünýäsiniň adamlara we olaryň saglygy üçin möhümdigine has oňat düşünmegine ýardam edýänligi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de eziz Diýarymyzyň tenekar ösümliklerini wasp edýän bu gymmatly kitabyň 14-nji jildi hem adam saglygy hakyndaky beýik işleriň ýene-de bir aýdyň beýanydygy barada çykyş etdiler.

Çäräniň dowamynda Büzmeýin etrap medeniýet öýleriniň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde birnäçe aýdymlar ýaňlandy, we Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary esasynda gurnalan kitap sergisi bilen tanyşdyryldy.

Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.